HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-da syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Iýul 22, 2023 | 10:03 |6170
Türkmenistanyň wekilleri GDA agza-döwletlerden beýleki delegatlar bilen bir hatarda syýahatçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny gutarnykly işlemek we ylalaşmak boýunça bilermen toparynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.Türkmenistanyň wekilleri GDA agza-döwletlerden beýleki delegatlar bilen bir hatarda syýahatçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny gutarnykly işlemek we ylalaşmak boýunça bilermen toparynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Çeşme: cis.minsk.by

Türkmenistanyň wekilleri GDA agza-döwletlerden beýleki delegatlar bilen bir hatarda syýahatçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny gutarnykly işlemek we ylalaşmak boýunça bilermen toparynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

Duşuşyk gibrid görnüşinde geçdi. Gatnaşyjylar degişli meýilnamanyň taslamasyny gutarnykly işlediler we ylalaşdylar. Indi ol GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň garamagyna giriziler.

GDA agza-döwletleriň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasy 2021-2030-njy ýyllara niýetlenendir. Ol içerki bazarda syýahatçylyk akymyny artdyrmaga we bilelikdäki syýahatçylyk önümini döretmekde tagallalary birleşdirmäge, bu ulgamdan GDA-nyň ähli döwletleriniň alýan girdejilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Resminama şeýle hem ähliumumy gymmatlyklary we medeni dürlüligi saklap galmagy öz öňünde maksat edip goýýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026