

Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň gatnawy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýola goýlar
Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda konteýner ýükleri daşamak üçin 2023- nji ýylyň ahyryna çenli ilkinji ýük gämisiniň yzygider gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada TASS-a penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow Mahaçkalada Dagystanyň döwlet häkimiýetleri bilen geçirilen duşuşykdan soň habar berdi.



















