

Türkmen pälwanlary Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandy
Grek-rim we erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 17-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçirilen Ion Cornianu & Ladislau Simon halkara ýaryşynda üç medal gazandylar. Bu barada ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetine ORIENT-iň habarçysyna habar berdiler.




















