

Teknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy
Türkiýede her ýylda geçirilýän aerokosmiki we tehnologiki innowasiýalaryň dünýä festiwaly Teknofest startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan etdi. Indi ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Bu barada ORIENT-e Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we syýahatçylyk Bölüminde habar berdiler. Möhletiň uzaldylmagy dürli ýurtlardan işläp düzüjileriň topary tarapyndan bäsleşige uly gyzyklanma bildirilmegi bilen baglanyşyklydyr.



















