HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Samsung Food” türkmen işleklisini nähili taýýarlamalydygyny öwredýär

Sentýabr 04, 2023 | 00:48 |9577
Adybir kompaniýa “Samsung Food” hyzmatyny dünýä möçberinde ulanyşa goýberýändigini mälim etdi. Ol emeli intellekte esaslanyp, tagamlary we nygmatlary nähili taýýarlamalydygyny öwredýän hyzmatdyr. Oňa şu gün türkmen milli tagamy – işlekliniň taýýarlanyşy hem girizildi.Adybir kompaniýa “Samsung Food” hyzmatyny dünýä möçberinde ulanyşa goýberýändigini mälim etdi. Ol emeli intellekte esaslanyp, tagamlary we nygmatlary nähili taýýarlamalydygyny öwredýän hyzmatdyr. Oňa şu gün türkmen milli tagamy – işlekliniň taýýarlanyşy hem girizildi.
Çeşme: s.samsungfood.com

Adybir kompaniýa “Samsung Food” hyzmatyny dünýä möçberinde ulanyşa goýberýändigini mälim etdi. Ol emeli intellekte esaslanyp, tagamlary we nygmatlary nähili taýýarlamalydygyny öwredýän hyzmatdyr. Oňa şu gün türkmen milli tagamy – işlekliniň taýýarlanyşy hem girizildi.

Bu hyzmat dünýäniň 104 döwletinde 8 dilde elýeterlidir. Ulanyja 160 müň sany tagamyň taýýarlanyşy we her bir tagam barada maglumat elýeterlidir. Ol her bir ulanyja gündelik iýmit meýilnamasyny nähil düzmelidigini hem öwredip, gerekli önümleri onlaýn sargyt etmäge şert döredýär.

64f4e31b44981209566319.jpg

Hyzmat tagamyň taýýarlanyşyny ädimme-ädim öwredip, naharyň düzüminde ortaça näçe kaloriýanyň, belogyň we witaminleriň bolýandygy baradaky malumatlary özünde saklaýar. Tagamlaryň taýýarlanyşyny öwretmekde kompaniýa “Whisk” işläp taýýarlamasyny ulandy. Bu iýmit platformasyny kompaniýa 2019-njy ýylda satyn alypdy.

“Food AI” tehnologiýasyny ulanmak arkaly düzülen hyzmat ulanyjynyň islegine we möwsümleýin ýagdaýlara görä, tagamlary saýlap berýär.

64f4e5768a686169541903.jpg

“Samsung” kompaniýasy geljekde “Samsung Food” hyzmatyna dürli öý hojalyk tehnikalaryny, şol sanda “Bespoke” mikrotolkunly peji birikdirmegi meýilleşdirýär. Geljekde bu hyzmata “Samsung Health” hyzmatyny hem goşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle edilende, ol sagdyn iýmitlenmek ýörelgelerine ulanyjylaryň eýermeklerine ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026