HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde ilkinji bolup Singapurda pişikler üçin syýahat ýola goýuldy

Sentýabr 03, 2023 | 11:00 |7930
Pişikler we olaryň eýeleri üçin deňiz gezelençleri ilkinji gezek Singapuryň “Tall Ship Adventures” kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy. Eýeleri we murtly öý haýwanlary ajaýyp peýzaža, feýerwerklere haýran galmak we wagtlaryny hoş geçirmek üçin iki sagatlyk ýüzüşe gidip bilerler.Pişikler we olaryň eýeleri üçin deňiz gezelençleri ilkinji gezek Singapuryň “Tall Ship Adventures” kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy. Eýeleri we murtly öý haýwanlary ajaýyp peýzaža, feýerwerklere haýran galmak we wagtlaryny hoş geçirmek üçin iki sagatlyk ýüzüşe gidip bilerler.
Çeşme: TALL SHIP ADVENTURES

Pişikler we olaryň eýeleri üçin deňiz gezelençleri ilkinji gezek Singapuryň “Tall Ship Adventures” kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy. Eýeleri we murtly öý haýwanlary ajaýyp peýzaža, feýerwerklere haýran galmak we wagtlaryny hoş geçirmek üçin iki sagatlyk ýüzüşe gidip bilerler.

Iki ýyl mundan ozal Singapurda it gezelençleri başlanypdy. Olar gaty meşhur boldular, şonuň üçin gurnaýjylar pişikler üçin hem, şuňa meňzeş gezelençleri guramak kararyna geldiler.

1 (1).png

Bu deňiz syýahaty 47 metrlik kaşaň gämide bolup geçýär, onuň üstünde islendik häsiýetli guýrukly “ýolagçylar” (pişikler) üçin amatly şertler we güýmenje döredildi: haýwanlar biri-biri bilen “aragatnaşyk saklap”, deňiz kenarynda oýnamakdan we düşekde dynç almakdan lezzet alyp bilerler. Gezelenç başlamazdan ozal taslamanyň awtorlary weterinar lukmanlary we beýleki hünärmenler bilen pişigiň howpsuzlygy meseleleri boýunça maslahatlaşýarlar. Haýwanlara diňe eşikli ýagdaýda gämide bolup bilerler.

2 (1).png

Gämidäki pişikleriň eýeleri üçin hem içgysgynç bolmaz ýaly köp görnüşli agşamlyk nahary we sungat işgärleriniň çykyşlary bolýar. Öý haýwanlary üçin bejergi göz öňüne tutulman, gurnaýjylar zerur bolsa pişikler üçin syýahatçylara ýanlary bilen nahar iýmegi maslahat berýärler.

3 (1).png

Gezelenç bilediniň bahasy 166 dollar. Gämi Sentos adasynyň töwereginde aýlanýar we her gezekki gezelenç kiçijik feýerwerk bilen tamamlanýar diýip, “National News” portaly ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026