HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hünär endiklerini ösdürmek taslamasy “startap-ekoulgam – 2023”

Sentýabr 03, 2023 | 20:21 |12138
Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” we Döwrebap hünär endiklerini ösdürmek boýunça USAID taslamasy bilelikde “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna başlaýar. “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň  maksady Türkmenistanda startaplaryň işewür-inkubasiýasy we akselerasiýasy (täze amala aşyrylan innowasion işewür-ideýalar) boýunça hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek bolup durýar, bu bolsa, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” we Döwrebap hünär endiklerini ösdürmek boýunça USAID taslamasy bilelikde “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna başlaýar. “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň  maksady Türkmenistanda startaplaryň işewür-inkubasiýasy we akselerasiýasy (täze amala aşyrylan innowasion işewür-ideýalar) boýunça hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek bolup durýar, bu bolsa, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.
Çeşme: Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşmesi

Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” we Döwrebap hünär endiklerini ösdürmek boýunça USAID taslamasy bilelikde “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna başlaýar. “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň maksady Türkmenistanda startaplaryň işewür-inkubasiýasy we akselerasiýasy (täze amala aşyrylan innowasion işewür-ideýalar) boýunça hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek bolup durýar, bu bolsa, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.

2023-nji ýylda “Startap-ekoulgam” maksatnamasy startaplar tarapyndan işlenilip taýýarlanylan önümleriň we hyzmatlaryň bazarda ýerleşdirilmegine, ýurduň welaýatlaryny öz içine almagy güýçlendirmäge we wençur maýa goýujylaryň has giň toparyny çekmäge üns berer. Maksatnama aşakdaky tapgyrlardan ybarat bolar:

  1. Her akselerasiýa kompaniýasy tarapyndan gatnaşyjylaryň (rezidentleriň) bäsdeşlik esasda alynmagy
  2. Akademiýa tapgyry (rezidentleri okatmak)
  3. Inkubasiýa tapgyry (täze innowasion işewür-ideýasynyň özleşdirilmegi we aprobirlenmegi)
  4. Akselerasiýa tapgyry (zerur bolan serişdeleri çekmek bilen, işlenilip taýýarlanylan önümiň ýa-da hyzmatyň bazarda ýerleşdirilmegini guramak)
  5. Monitoring we Ösüş tapgyry (her bir startap üçin aýratyn maslahatlar we olaryň soňraky ösüşine (ewolýusiýasyna) gözegçilik))

Maksatnamanyň dowamynda akselerasiýa kompaniýalary kabul edilen rezidentleri (gatnaşyjylary) hususy tejribelerine we okatmagyň we taýýarlamagyň usulyýetine esaslanyp taýýarlamaly bolarlar. Maksatnamanyň guramaçylary saýlanyp alnan akselerasiýa kompaniýalaryna startaplary taýýarlamagyň esasy tehnikalaryny we usullaryny özleşdirmekde, şeýle-de, maksatnamanyň ähli akselerasiýa kompaniýalarynyň rezidentleri üçin birnäçe umumy treningleri geçirmekde we wençur maýa goýujylary çekmekde ýardam ederler.

Maksatnamanyň ahyrynda her akselerasiýa kompaniýasyndan iň gowy startap-toparlar üçin startap-taslamalaryň Final bäsleşigi geçiriler (final demo-gün).

Geçen ýyllaryň “Startap-ekoulgam” synag maksatnamalary baradaky maglumaty Ykdysatçylar birleşmesiniň saýtynda tapyp bilersiňiz.

Maksatnamanyň başlanmagy bilen baglylykda, okuw merkezlerinden, konsalting kompaniýalaryndan, işgärler agentliklerinden, şeýle-de, işewür-inkubatorlaryň/akseleratorlaryň wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply ýa-da şolar bolmaga dyrjaşýan, beýleki kompaniýalardan we guramalardan maksatnama gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilmegi yglan edilýär. Şeýle hem, işewür-inkubatorlara/akseleratorlara usulyýet maslahatlaryny bermek wezipelerini öz üstüne aljak gurama saýlanyp alnar. Maksatnama gatnaşmak isleýän kompaniýalar/guramalar 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabryna sagat 18:00 çenli salgylanma boýunça formany dolduryp, gatnaşmak üçin arzany bermeli.

Arza bermek barada soraglaryňyz bar bolsa, şu e-poçta salgysyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris: abayramova@q2impact.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026