HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede awiasiýa, kosmonawtika we tehnologiýa festiwaly geçirildi

Sentýabr 03, 2023 | 21:56 |10770
Şu ýyl, Türkiýe Respublikasynyň ýüz ýyllygynda dünýäniň iň uly awiasiýa, kosmonawtika we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST - 2023 bir wagtyň özünde üç şäherde - Stambulda, Izmirde we Türkiýäniň paýtagtynda geçirildi.Şu ýyl, Türkiýe Respublikasynyň ýüz ýyllygynda dünýäniň iň uly awiasiýa, kosmonawtika we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST - 2023 bir wagtyň özünde üç şäherde - Stambulda, Izmirde we Türkiýäniň paýtagtynda geçirildi.
Çeşme: yozgatcamlik.com

Şu ýyl, Türkiýe Respublikasynyň ýüz ýyllygynda dünýäniň iň uly awiasiýa, kosmonawtika we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST - 2023 bir wagtyň özünde üç şäherde - Stambulda, Izmirde we Türkiýäniň paýtagtynda geçirildi.

30-njy awgustda Ankaranyň Etimesgut howa menzilinde geçirilen festiwal, 3-nji sentýabrda tamamlandy. Ministrliklerden, döwlet edaralaryndan we hususy kompaniýalaryndan gelen 125-den gowrak gatnaşyjylar Ankarada tehnologiki mümkinçiliklerini uly üstünlik bilen görkezdi.

Festiwal diýseň täsirli bolup, sahna çykyşlary we konsertler bilen bilelikde geçirildi. Festiwal myhmanlary kosmos temaly oýun meýdançasyna baryp görmek, güne tomaşa etmek, simulýatorlarda özlerini barlamak, ýel tunelinde “uçmak” we bilim seminarlarynda bilimlerini giňeltmek mümkinçiligini elden gidirmediler.

Şeýle-de myhmanlaryň esasy ünsi aerobatika toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen awiaşowa gönükdirildi.

Stambuldaky Atatürk howa menzilinde geçirilen festiwala gatnaşyjylaryň sany birneme az bolsa-da, bu ýerdäki şowhun Ankaradaky çareleriň şowhunyndan kem däldi. Türkiýäniň iň möhüm ikinji şäherinde, dürli kategoriýalarda ýüzden gowrak ýaryşlar we häzirki zaman awiasiýa, kosmonawtika we ýokary tehnologiýa pudagyndaky başlangyçlar bilen baglanyşykly kyrkdan gowrak ýaryşlar geçirildi.

TEKNOFEST-2023 festiwalynyň çäginde geçirilen tehnologiýa ýaryşlaryna gatnaşmak üçin bir milliondan gowrak gatnaşyjy we 333 müňden gowrak toparlar ýüz tutdy.

TEKNOFEST awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly Türk tehnologiýa toparynyň gaznasy (T3 gaznasy) we ýurduň Senagat we tehnologiýa ministrligi tarapyndan gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

17:34 Sentýabr 06, 2026
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026