

GDA-nyň 2-nji oýunlarynda türkmen ştangaçy kümüş medal gazandy
Grodno (Belarus) şäherinde tamamlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika ýaryşynda türkmen ştangaçy Atajan Daýew kümüş medal gazandy.


Grodno (Belarus) şäherinde tamamlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika ýaryşynda türkmen ştangaçy Atajan Daýew kümüş medal gazandy.


“Google” özüniň gözleg ulgamynda ulanyjylar emeli intellekt arkaly grammatiki ýalňyşlyklary tapmaga mümkinçilik döreder. “GrammarCheck” diýlip atlandyrylýan täze hyzmat ulanyjylaryň gözleg soraglaryndaky grammatiki ýalňyşlyklary tapar.


Paýtagtymyzda dynç günlerinde howanyň gyzgynlygynyň iň ýokary derejesiniň +37 C çenli düşjekdigine sinoptiklar çaklaýarlar. Şunda şenbe we dynç günlerinde howanyň ortaça gyzgynlygy gündizlerine +32 – + 31 C bolar.


«Daşoguz—Şawat» barlag-goýberiş nokadynyň çäginde Özbegistana syýahat etmek isleýänler üçin maglumat merkezi açyldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk ulaglary assosiaýasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow “TRT” türk teleýaýlymynyň Gazagystan Respublikasyndaky wekilhanasynyň direktory Mehmed Çalyşkin bilen Astana şäherinde bolan duşuşygynda media ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumyzyň žurnalistleri üçin okuw maslahatyny gurar. Okuw maslahaty saglygy goraýyş babatdaky habarlary netijeli ýaýmaga bagyşlanýar diýlip, guramanyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň metbugat gullugyndan habar berilýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammiti sebitde döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berer.


Saud Arabystanynda täze düzgün güýje girer. Bu düzgüne laýyklykda, ähli mobil telefonlara we beýleki elektron enjamlara diňe USB Type-C arkaly zarýad berilmelidir.


Bah we Mosart ýaly beýik kompozitorlaryň nusgawy saz eserleri indi Özbegistanlylara jemagat gulluklarynyň zibil çykaryp başlaýandyklaryny habar berýär. Täze synag Daşkendiň we ýene iki welaýatyň – Kaşkadarýa we Buharanyň häkimleri tarapyndan başlandy diýip, respublikanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligine salgylanyp Özbek metbugaty habar berýär.


GDA-nyň II oýunlarynda türkmen agyr atletikaçy Sangiza Bahtiýarowa bürünç medala eýe boldy.


Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäheri Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa ýaşlar forumyna gatnaşyjylary garşy aldy. AKIpress agentliginiň berýän habaryna görä, köpsanly delegatlaryň arasynda Türkmenistandan gelen ýaşlar hem bar.


Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.


Olar Russiýanyň paýtagtynda II Halkara çagalar medeni forumyna ýygnanan beýleki 2000 çaganyň arasynda bolar. Çäre 10-njy awgustda başlar we 12-nji ýyla çenli dowam eder.


Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri Sukuba uniwersiteti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili kurslaryny açýar.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýurtdaky işini tamamlaýan Niderlandlaryň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Andre bilen duşuşdy.