HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 11, 2023 | 23:56 |5517
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy.

Özara hereketleriň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamy bellenildi we onuň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň medeni we ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary babatynda durup geçdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026