HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Guşakly türkmen pälwanlary halkara etnosport festiwalynda dört medala eýe boldular

Sentýabr 11, 2023 | 20:06 |7992
7-10-njy sentýabr aralygynda Hywada (Özbegistan) geçirilen halkara etnosport festiwalyna gatnaşan pälwanlarymyz guşakly göreş boýunça dört medal gazandylar.7-10-njy sentýabr aralygynda Hywada (Özbegistan) geçirilen halkara etnosport festiwalyna gatnaşan pälwanlarymyz guşakly göreş boýunça dört medal gazandylar.
Çeşme: из архива редакции

7-10-njy sentýabr aralygynda Hywada (Özbegistan) geçirilen halkara etnosport festiwalyna gatnaşan pälwanlarymyz guşakly göreş boýunça dört medal gazandylar.

Annagurban Allaberdiýew 90 kilograma çenli agram derejesinde iň ýokary baýragy aldy. Birinji orna çykmak üçin türkmen türgeni Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekillerini ýeňdi.

Nobatgeldi Nazarow 100 kilograma çenli agram derejesinde türkmen toparyna ýene bir altyn medal getirip, ol Täjigistandan, ABŞ-dan we Russiýadan gelen türgenleri ýeňdi.

Rozymyrat Medow 82 kilograma çenli agram derejesinde kümüş baýraga mynasyp boldy. Ýaryşyň deslapky tapgyryndan üstünlikli geçen türkmen pälwany soňky tapgyra çykdy, şol ýerde-de Özbegistandan bir pälwany ýeňdi we şeýlelik bilen münberde ikinji ýeri eýeledi.

Agaýusup Garaýew aýgytly oýunda Russiýanyň wekilini ýeňip, 75 kilograma çenli agramda bürünç medaly gazandy.

Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilen Halkara etnik sport festiwalyna 60-dan gowrak ýurtdan 2 müňe golaý türgeniň gatnaşandygyny ýatladýarys. Türkmenistandan gelen türgenleriň şaýat bolan dabaraly açylyş mekany gadymy şäher ýadygärligi Içan-Kalanyň taryhy toplumy boldy.

Etnosport festiwalynda guşakly göreş, ýakut, mas-göreşi we özbek jeň senedi hem bar.

Geçirilen bu festiwalda aşpezlik ýaryşlary, görkeziş sport çykyşlary, suratlaryň we dokma önümleriniň sergileri we dünýäniň dürli künjeklerinden senetçilik önümleri hem goýuldy.

Bu milli oýunlar ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi diýlip yglan edildi, şol sebäpli-de şeýle uly çäreleri taýýarlamaga we gurnamaga aýratyn uly üns berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026