

Owganystanda ýene-de ýer titremesi bolup geçdi
Owganystanyň günbatarynda täze ýertitremesi bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňiz seýsmologiýa merkezi mälim edýär.


Owganystanyň günbatarynda täze ýertitremesi bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňiz seýsmologiýa merkezi mälim edýär.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy DünýägözelGulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi M. Amanul Hakdan ynanç hatlaryny kabul etdi.


USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Maksada Okgunly» kompaniýasynyň başlygy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy Maksat Ibragimowdyr.


Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemson Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy we diplomatik borçlaryny ýerine ýetirip başlady. Duşuşyk 10-njy oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.


GDA agza ýurtlaryň Bişkekdäki XVII Delfi ýaşlar oýunlarynda Türkmenistandan gelen ýaş gatnaşyjylaryň ilkinji çykyşy şowly boldy. Dürli ýaryşlarda ýeňijiler 4 medal gazandy - 2 kümüş we iki bürünç, şeýle hem ýörite diplomlar aldylar.


Sişenbe güni Buharestde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Rumyniýanyň Energetika ministrliginde geçirilen ýygnakda türkmen tarapyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow ýolbaşçylyk etdi.


Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi.


Türkmenistanyň milli futbol topary, BAE-niň çempionatynyň birinji bölümçesiniň topary bolan “Dubaý Ýunaýted”-i ýeňip, türgenleşikdäki ilkinji oýunda ýeňiş gazandy.


Katar Döwletiniň Doha şäheriniň Al-Bidda seýilgähinde geçirilýän “EXPO-2023” bagbançylyk boýunça halkara serginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň resmi açylyş dabarasy geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagy gowşuryldy. Gowşurylyş, 10-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň çäginde geçirildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwer kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Dokma ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine owgan tarapyna ynsanperwer kömek hökmünde muzdsuz esasda derman we lukmançylyk serişdelerini, azyk we dokma önümlerini gowşurmak bellendi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen daşary ýurtlaryň 2 raýaty - Dritter Orden adyndaky Mýunhen anyklaýyş merkeziniň çagalar we neýroortopediýa bölüminiň müdiri, doktor Frimberger Winsenti we "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň dolandyryş geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk "Arkadag" medaly bilen sylaglandylar.


10-njy oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirildi. Dabara ýurduň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.


Aşgabatda Koreýanyň elipbiýiniň döredilen - Hangyl gününe bagyşlanan koreý dili boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi.


11 - 17-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda Ýewraziýa medeniýetiniň ilkinji halkara festiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar diýip, ýurduň Medeniýet ministrligi "ORIENT-e" habar berdi.