Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-da ulag we energetika hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri öňe sürdi


TDG-nyň döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap üstaşyr ulag, logistika ulgamyny döretmek wezipesi esasy meseleleriň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde aýtdy.
Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi. 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesi, 2019-njy ýylyň mart aýynda bolsa, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesi döredildi we degişli köptaraplaýyn resminama gol çekildi. Häzirki döwürde Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa Azerbaýjana we Türkiýä uzajak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.
Görkezilen bu mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika hem-de üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmagy teklip etdi.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri energetika ulgamyna ünsi çekdi.
Türkmenistan baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar diýip, ol belledi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçilikleri bar. «Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn», diýip Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Mundan başga-da, Türkmenistan goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýär we öňümizdäki döwürde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä hem iberip bileris, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbiniň tutulandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy, bu nukdaýnazardan, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taýýarlanylmagy barada aýtdy diýip, TDH habar berýär.
ORIENT news








