Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-nyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanda 2024-nji ýylda geçiriljek dabaralara çagyrdy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astanadaky Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda, taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip etdi.
Şol bir wagtda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde gatnaşyklarymyzyň ýokary derejede dowam etdirilýändigini nygtady we onuň çäklerinde bilelikde geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda belleniljek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris, diýip Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we TDG-nyň sammitiniň gatnaşyjylaryny öňümizdäki ýylda ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýaryndygyny nygtady. Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegi teklip edýärin.
ORIENT news








