Türkmenistan TDG ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmegi teklip etdi


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sammitinde eden çykyşynda TDG ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibini öňe sürdi.
«Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar», - diýip TDH Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerini getirýär.
Dünýä jemgyýetçiligi dürli ählumumy wehimlerdir howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi baradaky garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi», – diýip türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdiklerine berk ynanýaryn.
Biz agzalan strategiýanyň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýandygyny belledi.
«Gatnaşyklarymyzyň halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürýäris», – diýip Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
ORIENT news








