

Bill Geýts 2023-nji ýylda söýüp okan kitaplaryny mälim etdi
Her ýylyň ahyrynda amerikaly telekeçi we jemgyýetçilik işgäri Bill Geýts göwnüne has köp ýaran kitaplarynyň sanawyny çap edýär.


Her ýylyň ahyrynda amerikaly telekeçi we jemgyýetçilik işgäri Bill Geýts göwnüne has köp ýaran kitaplarynyň sanawyny çap edýär.


Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň Fintech Assosiasiýasynyň başlygy Namer Hanyň startapy kärhanalara sanly tölegleriň esasyna durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýardam berjek innowasion onlaýn platformany işe girizdi.


8-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň gatnaşmagynda we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ylmy maslahat geçiriler. Forumyň gün tertibinde ilatyň saglygy bilen baglanyşykly meseleler we olara garşy bilelikdäki tagallalar bar.


Impressionizm we abstraksiýa ussady modernist suratkeş Witaliý Didenkonyň eserleriniň sergisi anna güni agşam paýtagtyň Aşgabat söwda merkezinde açyldy. Serginiň görnüşiniň gaty adaty däldigini bellemelidiris - suratkeşiň eserleri we Däp moda markasynyň gyş kolleksiýasy bir otagda görkezilýär.


Anna güni, 24-nji noýabrda BMG-niň Aşgabat şäherindäki öýünde “gender esasly zorluga garşy 16 gün işjeňlik” atly global kampaniýa öz işine başlady. Bu çärä ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, BMG-niň merkeziniň işgärleri we ýaş aktiwistler gatnaşdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary syvasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk anna güni, 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.


ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 7-22-nji noýabr aralygynda geçirilen 42-nji sessiýasynyň umumy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň teklibi bilen kabul edilen kararnama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi web sahypasynda habar berýär.


29-njy noýabrda Baku şäherinde Döredijilik hepdeligi badalga alar. Onda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Russiýadan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan dizaýnerleriň moda ýygyndylary görkeziler.


Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 23-nji noýabrda geçirilen söwda geleşiklerinde her tonnasynyň bahasy 387,00 ABŞ dollary bolan az kükürtli ýakyş mazudy we her tonnasy 252,50 - 266,50 ABŞ dollar bolan "B" kysymly karbamid daşarky bazara satyldy.


Türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.


Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy.


Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň tehniki maslahat beriş toparynyň hünärmenleri milli lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda okuwlary geçirýärler.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.


Gazagystan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligi ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.


22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, diňe bir daşary ýurt işewür toparlarynyň Merkezi Aziýa ýurdunyň çeşmesine, önümçilik we ulag potensialyna barha artýan gyzyklanmasyny däl eýem, bazardaky sazlaýjylara we oýunçylara maýadarlary we hyzmatdaşlary özüne çekýän şol mümkinçiliklere has aýdyň üns bermäge kömek etdi.