HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Mançester Siti” futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiji boldy

Dekabr 23, 2023 | 20:58 |5735
Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.
Çeşme: arabianbusiness.com

Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.

20-nji dünýä ýaryşynyň final oýnunda Hosep Gwardiolanyň topary Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 4:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Saud Arabystanynyň Jidde şäherindäki King Abdullah Sports Сity stadionynda geçdi.

Oýnuň eýýäm birinji minutynda hüjümçi Hulian Alwares topy garşydaşynyň derwezesine salmagy başardy, 27-nji minutda bolsa “Fluminenseniň” goragçysy Mota Filýo topy öz derwezesine saldy. Oýnuň ikinji ýarymynda “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Fil Foden üçünji goly salmagy başardy, 89-njy minutda bolsa ýene-de Alwares dördünji goly garşydaşynyň derwezesine iberdi.

Şeýlelikde, Angliýanyň futbol klubunyň baş tälimçi Hosep Gwardiola futbol boýunça klublaryň arasynda dünýä çempionatynda dört gezek ýeňiji bolan ilkinji tälimçi boldy. Ol üç gezek ýeňiji bolan italiýaly Karlo Ançelottiden öňe saýlandy.

2023-nji ýylda “Mançester Siti” şeýle hem Angliýanyň çempionatynda, Angliýanyň Kubogynda, Çempionlar ligasynda we UEFA-nyň Superkubogynda ýeňiji boldy.

12-22-nji dekabrda Saud Arabystanynda geçen ýaryşa kontinental klub ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Bu ýaryşyň ozalky çempiony Ispaniýanyň “Real Madrid” topary.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026