HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler

Mart 09, 2024 | 21:26 |6286
Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Çeşme: big.az

Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Wideo konferensiýanyň dowamynda ADA uniwersitetiniň rektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň prorektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etdi.

“Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ylym we bilim pudagyndaky bilelikdäki işleriň ileri tutulýandygy bellenildi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. ADA uniwersiteti bilen Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasynyň ähmiýeti bellendi” diýip, - Azerbaýjanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda aýdylýar.

ADA.jpg

Taraplaryň özara saparlaryny guramak, bilelikdäki ylmy we amaly maslahatlary, leksiýalary, mugallymlary we talyplary alyş-çalyş etmek we makalalaryň çap edilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary bellendi. Duşuşygyň netijesi, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary diplomatik okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklar üçin ýol kartasyny düzmek baradaky ylalaşyk boldy.

Doganlyk ýurtlaryň iki abraýly bilim edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilim pudagynda möhüm sepgit bolup, döwletara we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Bakuwdaky ADA uniwersiteti, 2014-nji ýylda Azerbaýjan Diplomatik akademiýasy bilen Maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň birleşmegi arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026