HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan gant şugundyrynyň 70 tonnalyk tohumyny satyn alar

Mart 09, 2024 | 20:00 |8812
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi halkara ölçeglere laýyk gelýän gant şugundyrynyň 70 045 kilogramyny satyn almak boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi halkara ölçeglere laýyk gelýän gant şugundyrynyň 70 045 kilogramyny satyn almak boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.
Çeşme: agroritm.by

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi halkara ölçeglere laýyk gelýän gant şugundyrynyň 70 045 kilogramyny satyn almak boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.

Bu bäsleşik kärendeçileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek hem-de gant şugundyrynyň bol hasylyny almak we obasenagat toplumyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

2023-nji ýylda Türkmenistanda gant şugundyry ekilen 17,9 müň gektar ýerden 224 müň tonna hasyl alyndy. Bu 2022-nji ýylda 18 müň gektar ýere ekilen gant şugundyryndan 20 müň tonna köpdür. Bu ekin Mary we Balkan sebitlerinde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Senagaty dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Azyk senagaty döwlet birleşigi 2024-nji ýylyň fewral aýynda Oba hojalygy ministrliginden bölünip aýryldy.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň arzalary 5-nji aprele, sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92-nji jaý, 311-nji otag.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-75-10, 44-75-64

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026