HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligi ýola goýuldy

Mart 09, 2024 | 17:03 |5655
Ýaponiýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy «Suzuki» «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligini ýola goýdy. Taslama «SkyDrive» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.Ýaponiýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy «Suzuki» «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligini ýola goýdy. Taslama «SkyDrive» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Çeşme: ixbt.com

Ýaponiýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy «Suzuki» «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligini ýola goýdy. Taslama «SkyDrive» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Önümçilik Ýaponiýanyň Sidzuoka prefekturasynyň Iwata şäherinde ýola goýuldy.

«SkyDrive SD-05» – bu iki ýolagçy we uçarman üçin niýetlenilen, dikligine uçmaga we gonmaga ukyply (eVTOL) ykjam elektrik uçarydyr. Onuň iň ýokary uçuş tizligi sagatda 100 km, bir zarýadda geçýän aralygy, takmynan, 10 km.

«SkyDrive SD-05» ulagyny geljek ýyl Osakada geçiriljek «Expo 2025» sergisinde aerotaksi hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär. Geljekde hususy müşderiler hem şuňa meňzeş «uçýan awtoulaglary» satyn alyp bilerler.

«Suzuki» bilen «SkyDrive» kompaniýalarynyň arasynda «SkyDrive SD-05» ulaglaryny öndürmek baradaky şertnama geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi. Ýylda şeýle uçýan enjamlaryň ýüze golaýyny öndürmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026