Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şwesiýanyň Parlamentinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Dostluk topary döredildi

Mart 09, 2024 | 16:58 |8360
“Dunyo” habarlar agentliginiň şenbe güni beren habaryna görä, 5-nji martda Şwesiýanyň Parlamenti, Riksdagda Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Dostluk toparyny döretmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi.“Dunyo” habarlar agentliginiň şenbe güni beren habaryna görä, 5-nji martda Şwesiýanyň Parlamenti, Riksdagda Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Dostluk toparyny döretmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Çeşme: wikimedia.org

“Dunyo” habarlar agentliginiň şenbe güni beren habaryna görä, 5-nji martda Şwesiýanyň Parlamenti, Riksdagda Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Dostluk toparyny döretmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Şwesiýanyň wekiliýetiniň başlygy Born Sýoder Şwesiýanyň Parlamentinde Dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde tassyklandy.

Duşuşykda Şwesiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň ösüşi, şol sanda dialogy has-da güýçlendirmek maksady bilen bilelikdäki çäreleri guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentlerinde Şwesiýa bilen Dostluk toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň arasynda Riksdagda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Dostluk toparynyň arasynda onlaýn duşuşyklary we özara saparlary guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Arkadag şäherinde gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

Arkadag şäherinde gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

23:35 Awgust 14, 2026
Sentýabr aýynda Aşgabatda Startup World Cup 2026 halkara bäsleşiginiň sebit tapgyry geçiriler

Sentýabr aýynda Aşgabatda Startup World Cup 2026 halkara bäsleşiginiň sebit tapgyry geçiriler

23:30 Awgust 14, 2026
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026