Habarlar

Mart aýynda Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşi boýunça halkara maslahat geçirilerMart aýynda Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşi boýunça halkara maslahat geçiriler

Mart aýynda Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşi boýunça halkara maslahat geçiriler

Mart aýynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde baharyň birinji aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ynsanperwerlik ugurly çäreleriň meýilleşdirilýändigi barada beren hasabatynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji mart mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak barada Buýruga gol çekdiTürkmenistanyň Prezidenti 8-nji mart mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak barada Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji mart mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak barada Buýruga gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri durmuşa geçirmekde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdynhem ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazarda tutup, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlary gowşurmak barada Buýruga gol çekdi.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň bilen bagly hukuk namalary kämilleşdirmek meseleleri gozgaldyHalk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň bilen bagly hukuk namalary kämilleşdirmek meseleleri gozgaldy

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň bilen bagly hukuk namalary kämilleşdirmek meseleleri gozgaldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini nygtady.

Türkmenistanyň ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işine ýardam edilerTürkmenistanyň ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işine ýardam ediler

Türkmenistanyň ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işine ýardam ediler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň syýasatynda we durmuşa geçirilýän maksatnamalarda sebitleýin ösüş meselelerine, ýerli wekilçilikli häkimiýet, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösüşine hem-de mümkinçilikleriniň artmagyna, olara guramaçylyk hem-de usuly taýdan kömek bermek işlerine uly üns berilýändigini aýtdy.