

«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!
Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin «Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy ýola goýuldy.


Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin «Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy ýola goýuldy.


Made in Italy Day (Italiýada öndürilen) - bu italýan modasyna, aşhanasyna, tehnikasyna we köp sanly beýlekilere bagyşlanyp, her ýylyň 15-nji aprelinde geçirilýän baýramçylykdyr. Bu gün italýan ussatlarynyň suratkeşleriniň, telekeçileriniň asyrlaryň dowamynda gazanan üstünliklerini ykrar etmek günüdir.


Hytaýyň Günorta-Günbatarynda Syçuan welaýatynda ýerleşýän Çendu şäheri daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda Türkmenistanyň wekillerini halkara bagçylyk sergisine çagyrýar.


16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.


Russiýa demir ýollarynyň daşary ýurt taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygynyň orunbasary Lýudmila Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat demirýol ýolagçy gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegini goldady. Bu barada TASS habar berýär.


Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyllaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.


Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok iki ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdi. Türkiýede Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli 16-njy aprelde Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde fotosergi görnüşinde guralan kabul edişlikde çykyş edip, ilçi türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belledi.


2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Biziň neşirimiz - “OSJD Býulleteni” 3 dilde neşir edilýär: rus, iňlis, hytaý, - Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň DÝHG-niň komitetiniň çap ediji edarasy bolmak bilen, agza ýurtlaryň demirýol edaralarynyň baş direktorlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin şu günler Aşgabatda bolýarys - diýip, "OSJD Bulletin" žurnalynyň baş redaktory Sergeý Kabenkow gürrüň berýär.


14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda "Pipeline Vocal Project" amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.


Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşynda Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň oýunçylary ýene bir ynamly ýeňiş gazandylar.


Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary 16-njy aprelde Daşkent şäherinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirdiler.


Duşenbe güni, 15-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi.


Emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan amerikan başlangyç kompaniýasy «OpenAI» Ýaponiýada wekilhanasyny açdy, ol kompaniýanyň Aziýa sebitindäki ilkinji wekilhanasy boldy.


«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.