Habarlar

Türkmen hakynyň Milli Lideri raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediTürkmen hakynyň Milli Lideri raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi

Türkmen hakynyň Milli Lideri raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi

Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdiBMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdiTürkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdi

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdi

Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak we utgaşdyrmak maksady bilen guramanyň wekilini Aşgabatda bellemek barada türkmen tarapynyň teklibi 22-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen bolan duşuşygyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldyTürkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldy

Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy “Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-niň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy” atly maslahatda çykyş etdi.

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlarGDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

Arkalaşygyň agza döwletleriniň Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň we Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralary bilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň 2024-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilmegine garaşylýar. Ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibiniň taslamasy 21-nji fewralda Moskwada geçirilen Ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisinde tassyklandy, şonda GDA-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.