HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Parižde çykyş eder

Aprel 15, 2024 | 11:18 |5854
Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Parižde konsert bilen çykyş eder diýip, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili habar berýär.Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Parižde konsert bilen çykyş eder diýip, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili habar berýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Parižde konsert bilen çykyş eder diýip, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili habar berýär.

Dabaraly konsert 24-nji aprelde ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçiriler. Sahnada türkmen nusgawy kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen küştdepdi tansy ýerine ýetiriler.

2024-nji ýylyň 22 – 26-njy apreli aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergi ýaýbaňlandyrylar. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde guralar.

Sergide şahyryň golýazmalary görkeziler, munuň özi serginiň myhmanlaryna şahyryň baý edebi mirasyny açmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşarlar – halylar, şaý-sepler, egin-eşikler we saz gurallary görkeziler.

Serginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026