HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny kämilleşdirmegiň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 16, 2024 | 09:22 |4578
Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny kämilleşdirmek baradaky pikir alyşmalar Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň esasy maksady boldy.Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny kämilleşdirmek baradaky pikir alyşmalar Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň esasy maksady boldy.
Çeşme: customs.gov.tm

Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny kämilleşdirmek baradaky pikir alyşmalar Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň esasy maksady boldy.

Saparyň dowamynda Hytaýyň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Taraplar 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Pekinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar Türkmenistanyň YYO institutyny netijeli ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Hytaýyň gümrük edarasynyň wekilleri türkmenistanly kärdeşleri üçin okuw sapagyny geçirdiler. Olar Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümi bilen hem tanyşdyryldy we Arkadag şäheriniň gümrükhanasyna gezelenç guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026