

Mobil goşundysyz emeli intellektli smartfon düşünjesi tanyşdyryldy
Barselona şäherinde geçirilýän Ykjam tehnologiýalaryň kongresinde Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy mobil goşundysyz işleýän smartfon düşünjesini tanyşdyrdy.


Barselona şäherinde geçirilýän Ykjam tehnologiýalaryň kongresinde Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy mobil goşundysyz işleýän smartfon düşünjesini tanyşdyrdy.


Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan sebiti geçen ýyl Türkmenistana umumy bahasy 15 million dollara barabar nebit senagatyna degişli bolmadyk önümleri iberdi.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen gepleşikleri geçirdiler.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýet agzalary Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.


Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi W.N.Tatişýewa adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň, Fransiýadaky ilçihananyň wekilleri Medeni öz-özüňi beýan etmegiň görnüşleriniň dürlüligini goramak we giňeltmek boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasyna gatnaşýarlar.


Özbegistanda internet aragatnaşygyny giňeltmek üçin şertler gowulandyrylar.


Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ženewadaky Milletleriň köşgüniň binasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumat berýän QR kod ýerleşdirilen ýörite banner oturdyldy.


Ykjam, gozgalmaýan, giň zolakly we IP ulgamlary üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Nokia transmilli kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy.


27-nji fewralda Kazanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň rektorlarynyň arasynda duşuşyk boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýewiň gatnaşmagynda geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanly mekdep okuwçylary 18 – 25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «TeenEagle» atly iňlis dili boýunça halkara olimpiadasynda ýeňiji boldular.


27-28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistleriň ählumumy wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça etiki hasabatlylygy boýunça okuw seminary geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi (UNODC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy tarapyndan gurnaldy.


Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy.


Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.


Abu-Dabiniň «ADNOC» milli nebit kompaniýasynyň pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi Türkmenistana geldi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.