HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi

Aprel 30, 2024 | 09:13 |6301
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde baýram etmegiň çäklerindäki çäreler üstünlikli tamamlandy.Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde baýram etmegiň çäklerindäki çäreler üstünlikli tamamlandy.
Çeşme: instagram.com/embassyturkmenistaninfrance

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde baýram etmegiň çäklerindäki çäreler üstünlikli tamamlandy.

Munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaran ilkinji medeni forum boldy. Türkmen wekiliýetiniň we halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlarynda medeni gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenisatnyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýew, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ottone Ramirez, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Wera El-Huri Lakaulýo, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkeziniň direktory Lazar Elundu Assomo, TÜRKSOÝ-yň Baş direktory Sultan Raýew, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Maksat Çaryýew bar.

Fransiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň medeniýet we sunagt ussatlarynyň konsertine tomaşa etdiler. Konsertde türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Nury Muhadowyň saz eserleri, Magytmguly Pyragynyň şygyrlary esasynda döredilen aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary ýaňlandy. Tans toparlary folklor-tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni-mirasy” atly sergi ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgylar ýygyndylary, milli amaly-haşam we çeperçilik sungatynyň nusgalary bilen tanyşdylar.

Milli türkmen lybaslarynyň görkezilişi baý medeni meýilnamanyň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026