HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekilleri Türkiýede boldular

Aprel 27, 2024 | 09:03 |21565
16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar.16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar.
Çeşme: «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri tarapyndan berildi

16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar.

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Şanlyurfa we Gaziantep taryhy şäherlerinde boldular we bu ýerleriň binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Syýahat Şanlyurfa şäherinden 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Göbeklitepe ybadathana toplumyna baryp görmekden başlandy.

Megalit konstruksiýalaryň iň gadymylarynyň biri bolan bu äpet desga 12 müň ýyl mundan ozal gurlupdyr. Bu toplumyň gurluşygynyň bu ýerlerde tebigy sementiň we betonyň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýip çaklanylýar.

Şeýle hem «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistanyň agentlikleriniň wekilleri Şanlyurfadaky arheologik muzeýe, gadymy Harran Halfeti we Zeugma gadymy şäherlerine, “Balyklygöl” kölüne baryp gördüler, muzeýiň mozaika gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Mozaika sungatynyň “Sygan gyzy” atly ajaýyp eseri dünýäniň ähli künjeginde diýen ýaly tanalýar. Sygan gyzynyň mozaika şekili gazintepdäki “Zeugma” mozaika muzeýiniň nyşany bolup durýar. Bu deňi-taýy bolmadyk panno üçin muzeýde ýörite goragly ýer göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem Türkmenistanly myhmanlar ýerli bazarlara baryp gördüler. Şanlyurfanyň we Gaziantepiň aşhanasynyň tagamlaryny dadyp gördüler. Olaryň meşhur tagamlarynyň hatarynda beýran çorbasy, antep lahmajuny, içli köfte, bostana işdäaçary semsek, şyllyk ýaly tagamlar bar.

Şanlyurfada şäheriň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Syýahata gatnaşanlar Türkiýäniň taryhy bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäräni guraýjylara hoşallyk bildirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026
Türkmen mekdep okuwçylary Täjigistanda geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” forumynda milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrdylar

Türkmen mekdep okuwçylary Täjigistanda geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” forumynda milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrdylar

17:39 Iýun 26, 2026