Habarlar

Pakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdyPakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdy

Pakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdy

Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.

Türkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýärTürkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýär

Türkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýär

Türkmenistanda ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry «Demirgazyk – Günorta» halakara ulag geçelgesi boýunça gönüden-göni deňiz ulagy arkaly Russiýanyň Olýa goýberiş nokadyna getirildi. Munuň özi Türkmenbaşy portundan ýük bölümlerinde ter pomidorlar bolan tirkegli 40 sany ulag ýüklenen ilkinji parom gatnawydyr. Çalt zaýalanýan harytlary daşamak üçin zerur temperaturaly ýörite konteýnerler ulanyldy diýip, Astrahanyň KHBS-y penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýarTürkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýar

Finlýandiýanyň Helsinki uniwersitetinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adalatçylarynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmäge we tejribe alyşmaklaryny üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäre geçirilýär. Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň we Helsinki uniwersitetiniň ýanyndaky Kanunyň hökmürowanlygy merkeziniň bilelikde guramagyna geçirilýän bu çärä Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň adalatçylary gatnaşýarlar.