HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ählumumy awiasiýa ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 14,7%-e ýetdi

Iýul 08, 2024 | 10:31 |8055
Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi.Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi.
Çeşme: abnews.ru

Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi.

Howa ulagy arkaly ýük daşamalaryna isleg yzly-yzyna altynjy aý bäri iki belgili san bilen ösýär: bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dekabrda 10,8%-e, ýanwarda 18,4%-e, fewralda 11,9%-e, martda 10,3%-e, aprelde 11,1%-e deň boldy.

IATA-nyň baş direktory Uilli Uolşyň bellemegine görä, ähli sebitlerde howa gatnawyna isleg yzygiderli artýar. Bu söwdanyň ösmegi, elektron söwdany işjeň ösmegi, şeýle hem deňiz ulaglary pudagynyň çäkli geçiriş mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr.

Daşamalaryň mukdary iň ýokary depginde Afrikada (18,4%), Aziýa – Ýuwaş ummany sebitinde (17,8%) we Ýewropada (17,2%) artdy, iň pes görkezijä Demirgazyk Amerika (8,7%) eýe boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026