HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katardaky türkmen ilçisiniň makalasy çap edildi

Iýul 10, 2024 | 09:37 |9032
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň «Al Sharq» gazetinde türkmen halysyna bagyşlanan makalasy çap edildi.Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň «Al Sharq» gazetinde türkmen halysyna bagyşlanan makalasy çap edildi.
Çeşme: aa.com.tr

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň «Al Sharq» gazetinde türkmen halysyna bagyşlanan makalasy çap edildi.

Öz makalasynda diplomat halkynyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydygyny belleýär. Türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň medeniýeti we taryhy öz beýanyny tapýar.

Türkmen halysy özüniň nepisligi bilen dünýäde hemişe meşhur bolupdyr. “Altyn asyr” halynyň dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. 2001-nji ýylda dokalan bu halynyň meýdany 301 inedördül metre, agramy bolsa 1200 kilograma deňdir.

Türkmen halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi onuň sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Ilçiniň belleýşi ýaly, türkmen halysynyň gadymy nusgalary Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň muzeýlerinde saklanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň halkyny dünýä meşhur türkmen halysy bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026