HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: geçen hepdede geleşikleriň 28-si hasaba alyndy

Iýul 08, 2024 | 14:55 |9516
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümlerini, gruziýaly işewürler bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 85 million 547 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 179 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, garylan parafin galyndysyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026