HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG ýurtlary ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýarlar

Iýul 09, 2024 | 13:11 |9103
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar aýratyn maliýeleşdirilýän bilelikdäki ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar aýratyn maliýeleşdirilýän bilelikdäki ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.
Çeşme: inform.kz

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar aýratyn maliýeleşdirilýän bilelikdäki ylmy grantlar maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.

Bu baradaky ylalaşyk ŞHG ýurtlarynyň ylym ministleriniň duşuşygynda gazanyldy. Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň aýtmagyna görä, eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli ähli zerur resminamalar taýýar ediler we bilelikdäki ylmy barlag işleriniň ilkinji grantlary yglan ediler.

“Ýokary netijeleri almak üçin tagallalary birleşdirmek gerek” diýip ol belledi we ylmy talap edýän önümlere maýa goýmak üçin hususy kompaniýalara amatly şertleriň döredilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem Saýasat Nurbek Ylym gaznasynyň işine gaýtadan serediljekdigini belledi. Indi gazna hususy maýadarlar, maýa goýum gaznalary bilen işleşer hem-de bilelikdäki gaznalary döretmek üçin döwlet mehanizmini ulanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

17:07 Sentýabr 28, 2026