

Gazna bazaryndaky çökgünlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki görkezijiler birden aşak düşdi
Gazna bazary uly çökgünligi başdan geçirýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki biržadaky söwdalaryň görkezijileri birden peselip başlandy.


Gazna bazary uly çökgünligi başdan geçirýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki biržadaky söwdalaryň görkezijileri birden peselip başlandy.


“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär.


Hindistan Çennaý – Wladiwostok ugry boýunça, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi we Demirgazyk deňiz ýoly boýunça ýükleriň daşalşyny artdyrmak isleýär. Bu barada Hindistanyň Eksport guramalary federasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahaýyň sözlerine salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berýär.


2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy.


Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.


Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministrliginiň beýanynda habar berildi.


Duşenbe güni, 5-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda gurluşyk materiallary we oba hojalyk senagatyň önümi satyldy.


Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti täze milli internet ID ulgamynyň ornaşdyrylandygyny habar berdi.


Sportuň muşdaklary bütindünýä olimpiýa hyzmatdaşy bolan OMEGA-nyň iň täze tehnologiýasynyň kömegi bilen Pariž – 2024 Olimpiýa oýunlarynda türgenleriň çykyşlary barada has giňişleýin maglumat alýarlar.


Bu edebiýatlaryň üstüni doldurmak maksady bilen, ynha şu gün türkmen tarapy Magtymguly adyndaky kitaphana bardy we täze edebiýatlary sowgat etdi. Bu edebiýatlar Magtymguly Pyragynyň ukrain, iňlis, nemes, fransuz, ýapon, rumyn we täjik dillerindäki goşgular ýygyndysyny öz içine alýar, hem-de olar Kiýew kitaphanasy üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndan jemlenildi


Duşenbe güni, 5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi 1-7-nji awgust aralygynda geçirilýär.


Türkmen wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletiçinler forumyna gatnaşýar.


Google Karta täzelendi. Programmalar toplumynyň iň soňky täzelenmesi ulanyjylary tomusky Olimpiýa oýunlarynda Fransiýanyň paýtagtynyň meşhur ýerleriniň taryhy görnüşlerini öwrenmäge çagyrýar. Bu barada Google-yň resmi sahypasynda habar berildi.


“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr.