HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda GDA ýurtlarynyň Halkara meýletinçiler forumyna Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýar

Awgust 05, 2024 | 10:19 |9641
Türkmen wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletiçinler forumyna gatnaşýar.Türkmen wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletiçinler forumyna gatnaşýar.
Çeşme: culture.akipress.org

Türkmen wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletiçinler forumyna gatnaşýar.

Foruma Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 120 wekili gatnaşýar diýip, Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berilýär. [culture.akipress.org] (https://culture.akipress.org/news:2141904 /? portal & place = last)

Forumyň maksady, GDA ýurtlarynda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde, döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we meýletinçilik işleri ösdürmek.

Forumyň dowamynda aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar:

• GDA agza ýurtlaryň arasynda meýletinçilik işi ugrunda tejribe alyşmak;


• meýletinçilik işi boýunça guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek;


• durmuş, daşky gurşaw we ykdysady meseleleri çözmek üçin meýletinçileriň ähmiýetine ünsi çekmek;
• Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan Durnukly ösüş maksatlaryna GDA ýurtlaryndaky meýletinçilik işi boýunça guramalaryň goşulmagy;
• işjeň raýat jemgyýetiniň döremegi we ýaşlaryň meýletinçilik çärelere gatnaşmagy üçin şert döretmek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026