HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar

Awgust 06, 2024 | 12:10 |8740
Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministrliginiň beýanynda habar berildi.Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministrliginiň beýanynda habar berildi.
Çeşme: ixbt.com

Hindistan öz ýarymgeçiriji pudagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministrliginiň beýanynda habar berildi.

Şeýlelik bilen, Mumbaýda ýerleşýän “Tata Group” hindi transmilli kompaniýasy Hindistanyň gündogaryndaky Assam ştatynda uly ýarymgeçiriji zawodyň gurluşygyna girişdi.

Zawodyň gurluşygynyň bahasy 3,2 milliard dollara barabar bolup, onuň taslamasynyň kuwwaty bolsa günde 48,3 million çip öndürmäge niýetlenendir.

Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýa ministri Aşwini Waýşnawyň aýdyşy ýaly, kärhana “Wire Bond”, “Flip Chip” we “I-SIP” tehnologiýalaryny öz içine alýan ýarymgeçirijini işläp taýýarlamak üçin ýerli tehnologiýalarynyň ösüş meýdançasy bolar.

Bu tehnologiýalar awtoulag önümçiliginde esasanam elektrik ulaglary, aragatnaşyk, tor infrastrukturasy we başgalar ýaly esasy pudaklar üçin diýseň möhümdir.

Şol bir wagtyň özünde, Hindistan maliýe höweslendirmeleri arkaly daşary ýurt kompaniýalaryny özüne çeker we amatly şertleri döreder.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Gujarat ştaty “Micron Technology” bilen sebitde zawod döretmek barada şertnama baglaşdy, umumy maýa goýumynyň takmynan 3 milliard dollara barabar bolmagy mümkin. Eýýäm 2024-nji ýylyň dekabrynda önümçilige başlar diýlip garaşylýar. Geçen ýylyň ahyrynda Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy çip önümçiligini Hindistanda ýerleşdirmek üçin ýüz tutdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026