Habarlar

Russiýanyň köp şäherlerinde Magtymgulynyň şanly senesi bellenilýärRussiýanyň köp şäherlerinde Magtymgulynyň şanly senesi bellenilýär

Russiýanyň köp şäherlerinde Magtymgulynyň şanly senesi bellenilýär

Russiýanyň köp şäherlerinde türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu sene bilen baglanyşykly Moskwada, Sankt-Peterburgda, Kazanda, Astrahanda, Woronežde we Russiýanyň beýleki şäherlerinde konsertler, tegelek stollar, edebi we poeziýa agşamlary, talyplar üçin leksiýalar we film görkezilişleri geçirilýär diýip Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew türkmen şahyrynyň we filosofynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatda belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren  başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdiRussiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren  başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynda öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.