

Türkmenistanda tapawutlanan goraghananyň gözegçileri sylaglandy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara döwlet gözegçiler güni mynasybetli tegelek stol gurady.


Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara döwlet gözegçiler güni mynasybetli tegelek stol gurady.


Olimpiya oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşurylyş dabarasynda ulanmak üçin “Galaxy Z Flip6 Olympic Edition” smartfonyny hödürlär. Bu, türgenlere özboluşly ýeňiş selfi bilen ýatlamalaryny surata almana we paýlaşmaga mümkinçilik berer.


Penşenbe güni, 1-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagatynyň we nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy.


Halkara “Fitch Ratings” reýting agentligi Türkmenistanyň uzakmöhletleýin defolt emitentini (IDR) daşary ýurt walýutasynda “B +” -den “BB-” derejesine çykardy. Çaklama: – “Durnukly”.


"The Japan Times"-yň habar bermegine görä, Ýaponiýa Merkezi Aziýa sebitine goşmaça ykdysady goldawy bermekçi. “Ýaponiýa-Merkezi Aziýa” sammitinde premýer-ministr Fumio Kisida tarapyndan birnäçe teklip bilen resmi taýdan çykyş edilmegine garaşylýar. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurt baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky bu çäre indiki hepde Gazagystanda geçirilmeli.


Bu barada 2-nji awsgutda Astanada geçirilen Özbek-Gazagystan Bilermenler Geňeşiniň 1-nji mejlisinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiýa we Sebitara barlag Institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nýematow öz çykyşynda belläp geçdi.


Türkmen wekiliýeti 3-nji awsgustda, ýagny Filippinler Respublikasyna saparynyň ikinji gününde, “Klark-Friport” erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä: “Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli bolup, tejribe alyşmaga hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berdi”.


Türklerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolup durýar. Çaýa türk medeniýetinde örän uly ähmiýet berilýär we onsuz bir güni hem göz öñüne getirip bolanok. Türkiýede ertirlik naharyndan agşam naharyna çenli gündelik durmuşda çaý bilen nepesiňi durlamak mümkin.


Şeýlelik bilen, “Eksport işi” atly akyl bäsleşiginiň soňky tapgyryna hem golaýlaşdyk.


Türkmenistanyň wekilleri Nižniý Nowgorodyň N.A.Dobrolýubowa adyndaky Döwlet dil uniwersitetinde gurnalan “Ýaş mugallymlar we gözlegçiler üçin tomusky institut” atly halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar.


Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter wan Lewen hem gatnaşdy.


Türkmenistanyň raýatlarynyň 90%-i täze «Start» sosial ulgamy hakda bilmeýär.


2024-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag geçelgesi oňyn netijeleri görkezdi, 100 sany ýük otlusynyň ugradylandygy hasaba alyndy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103,94% ýokarlandy.


2024-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň esasy bölegini garpyz bilen gawun tutdy.


Hytaý Sýangan (Gonkong) we Aomen (Makao) dolandyryş sebitlerinde hasaba alnan syýahatçylyk agentlikleriniň syýahatçylyk toparlarynyň bir bölegi hökmünde daşary ýurtly raýatlara ýurduň günortasyndaky adada ýerleşýän Haýnan welaýatyna girmäge we 144 sagat wizasyz bu ýerde galmana rugsat berdi. Bu barada Döwlet immigrasiýa müdirligine salgylanyp Sinhua habarlar agentligi habar berýär.