TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda gurluşyk materiallary we oba hojalyk senagatyň önümi satyldy
Awgust 06, 2024 | 11:16 |7673


Duşenbe güni, 5-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda gurluşyk materiallary we oba hojalyk senagatyň önümi satyldy.
Serbiýa döwletiniň telekeçileri ýerli hususy kärhanasyndan buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürler topary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi Ministrliginden düz float aýnasyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 162 500 manada we 441 000 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news








