

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy
16-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy.


16-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde ýeňil senagat we nebit himiýa önümleri satyn alyndy.


16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli “Ak Bugdaý” muzeýinde iki sany meşhur arheologyň – Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen we rus alymlary, hem-de olaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri gatnaşdy.


Russiýa Federasiýasynyñ Medeniýet günleriniñ başlan güni Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgi ýatdan çykmajak duýgylaryñ ýerine öwrüldi.


16-njy oktýabr, çarşenbe güni Aşgabadyň esasy konsert meýdançalaryň biri bolan Mukamlar köşgünde Russiýanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçisi Iwan Wolynkin çykyş etdi.


16-njy oktýabrda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde esasy üns raýatlygy bolmadyk adamlar bilen hyzmatdaşlyk meselesine gönükdirildi.


Hytaýyň Demirgazyk-Günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyň Uurmçi administratiw merkezinde 6-njy Bütindünýä media-sammiti dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 208-den, hökümet edaralaryndan, halkara guramalaryndan we dünýäniň 106 ýurdundan we sebitinden 500-den gowrak wekillerini ýygnady.


16-17-nji oktýabr aralygynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Dizaýnyň kanuny goragy. Ýewraziýa sebitinde senagat dizaýnlaryny kanuny goramak ulgamlaryny ösdürmek" ady bilen seminar geçirilýär.


2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan tegelek geçirildi.


“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly goşundysynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.


16-njy oktýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” mynmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk býunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirilýär.


Bu resminama 1966-njy ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen kabul edilip, 1967-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Londonda, Moskwada we Waşingtonda oňa gol çekildi. Şu günki güne çenli bu Resminama 114 ýurt goşulyşdy.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.


16-17-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda energiýa arabaglanyşygyny gowulandyrmak boýunça halkara bilermenleriň duşuşygy geçiriler. Duşuşygyň gün tertibinde – hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa bilen üpjün edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 7 ýetmek üçin durnukly we netijeli energiýa arabaglanyşygyň möhüm zerurlygy bar.


Türkmenistanyň «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan çagalar sazçylyk we sungat mekdepleri üçin «Gitara» okuw kitaby neşir edildi. Eziz Diýarymyzda bu okuwçylaryň we çeper höwesjeňleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan nusgawy gitara boýunça çap edilen ilkinji okuw kitabydyr.


Yslamabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi.