

UNICEF-yñ Türkmenistandaky wekili ýurtda uny demir we fol turşysy bilen baýlaşdyrmak işi bilen tanyşdy
BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.


BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.


6-njy dekabrda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri satyldy.


6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Duşuşygyň esasy mowzugy Hökümetiň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we ýylyň ahyryna çenli galan döwür üçin esasy meseleler boldy


3-5-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde, Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) weterinariýa gözegçiligine töwekgelçilikleri dolandyrmak prosesini ornaşdyrmak boýunça sebitleýin okuw çäresini gurnady


Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliklerini öz içine alýan esasy edaralaryň wekillerini öz içine alýan Türkmenistanyň wekiliýeti 5-6-njy dekabr aralygynda Ženewada geçirilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy baradaky Iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy. Çärä gatnaşmak BSG-e goşulmak üçin beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmekde Türkmenistan üçin möhüm ädim boldy
Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.


2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.


2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


5-nji dekabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.


Halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyndan, Hindistan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Özbegistan we beýleki ýurtlardan tanymal dilçi alymlar, görnükli bilim işgärleri, halypa professor-mugallymlary ýygnandylar.


5-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, onuň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy


2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi


«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi.


4-nji dekabrda Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň täze binalarynyň we desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Düýpli durky täzelenen soň desga halkara söwda we üstaşyr geçiş üçin strategiki taýdan möhüm baglanyşyga öwrüldi


Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.»