Habarlar

Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylarAşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy. Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçirilerTürkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

Aşgabatda 27-nji oktýabrda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň tohumyň iň gowy wekili adyny almak ugrunda halkara bäsleşik geçiriler. Bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik bäsleşigi hem geçirilip, oňa suratkeşler, halyçylyk ussatlary, wideograflaryň we türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän beýleki hünärleriň wekilleri üçin niýetlenen nominasiýalar girizilen.

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçýärAşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçýär

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçýär

Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi öz işine başlady. Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Aşgabat “CIET-2024” maslahatyny kabul etmäge taýýarlanýarAşgabat “CIET-2024” maslahatyny kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabat “CIET-2024” maslahatyny kabul etmäge taýýarlanýar

2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahatyny we sergisini geçirmek üçin Aşgabatda şu wagtdan eýýäm güýçli depginde taýýarlyk işleri görülýär. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup, onuň hut soňkusynyň binýadynda halkara ýygnagyň geçirilmegi amala aşyrylar.