

Kinomatografiýa ugrundaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy




















