Habarlar

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdyKazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçirilen KazanForum-2025 Russiýanyň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin netijeli platforma hökmünde uly islegden peýdalanýandygyny we halkara gyzyklanmanyň artýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Şu ýyl Forumyň çärelerine dünýäniň 96 ýurdundan we Russiýanyň 82 sebitinden wekiller gatnaşdy, işewürlik maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň sany 8,5 müň adam boldy

Türkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdyTürkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdy

Türkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Elizabette Bellonina türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýenyň adyna iberilen çakylyk hatyny gowşurdy

Tiz täsir edýän gulluklaryň instruktorlary taktiki lukmançylyk boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrdylarTiz täsir edýän gulluklaryň instruktorlary taktiki lukmançylyk boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrdylar

Tiz täsir edýän gulluklaryň instruktorlary taktiki lukmançylyk boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrdylar

Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda instruktorlar üçin üç günlük taktiki lukmançylyk okywy üstünlikli tamamlandy. Okuwa Türkmenistanyň Serhet gullugynyň sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, halas ediş operasiýalarynda ilkinji kömegi görkezýän işgärlerinden hem-de Serhet gullugynyň Merkezi hassahanasynyň lukmanlaryndan jemi 31 adam gatnaşdy