HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tiz täsir edýän gulluklaryň instruktorlary taktiki lukmançylyk boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrdylar

Maý 22, 2025 | 23:05 |4431
Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda instruktorlar üçin üç günlük taktiki lukmançylyk okywy üstünlikli tamamlandy. Okuwa Türkmenistanyň Serhet gullugynyň sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, halas ediş operasiýalarynda ilkinji kömegi görkezýän işgärlerinden hem-de Serhet gullugynyň Merkezi hassahanasynyň lukmanlaryndan jemi 31 adam gatnaşdyAşgabatda ÝHHG-niň guramagynda instruktorlar üçin üç günlük taktiki lukmançylyk okywy üstünlikli tamamlandy. Okuwa Türkmenistanyň Serhet gullugynyň sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, halas ediş operasiýalarynda ilkinji kömegi görkezýän işgärlerinden hem-de Serhet gullugynyň Merkezi hassahanasynyň lukmanlaryndan jemi 31 adam gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda instruktorlar üçin üç günlük taktiki lukmançylyk okywy üstünlikli tamamlandy. Okuwa Türkmenistanyň Serhet gullugynyň sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, halas ediş operasiýalarynda ilkinji kömegi görkezýän işgärlerinden hem-de Serhet gullugynyň Merkezi hassahanasynyň lukmanlaryndan jemi 31 adam gatnaşdy.

Okuwyñ baş maksady lukmançylykdan öňki gyssagly kömegi bermek we dürli adatdan daşary ýagdaýlara netijeli täsir etmek boýunça amaly başarnyklary kämilleşdirmekden ybarat boldy. Gatnaşanlar çylşyrymly tebigy we howa şertlerinde bolup biljek şikesler boýunça kömek bermek usullaryny simulýasiýa arkaly öwrenip, ýürek-öýken reanimasiýasy we ýaralananlary daşamak boýunça usullary hem özleşdirdiler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziň ýolbaşçysy Jon MakGregor okuwy açmak bilen, dürli howa we geografik şertlerde gulluk edýän serhetçileriň saglygyna we howpsuzlygyna aýratyn töwekgelçilikleriň abanýandygyny nygtady. Ol taktiki lukmançylyk boýunça bilimleriň, wagtynda lukmançylyk kömegini bermek kyn bolan ýagdaýlarda örän möhüm bolup bilýändigini belläp geçdi.

Okuw halkara hünärmeniň ýolbaşçylygynda, sebite laýyklykda uýgunlaşdyrylan amaly we simulýasiýa esasynda geçirildi.

Bu okuw Germaniýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan ÝHHG-niň býujetinden daşary «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly taslamasynyň çäginde guraldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026