HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Xiaomi Xring O1 flagman çipi we Xiaomi 15S Pro smartfony bilen tanyşdyrdy

Maý 22, 2025 | 18:27 |4084
Şu gün Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagman ýekeçipli ulgamyny — Xring O1-i resmi taýdan hödürledi we şol bir wagtyň özünde bu çipiň esasynda gurlan ilkinji smartfon — Xiaomi 15S Pro bilen tanyşdyrdyŞu gün Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagman ýekeçipli ulgamyny — Xring O1-i resmi taýdan hödürledi we şol bir wagtyň özünde bu çipiň esasynda gurlan ilkinji smartfon — Xiaomi 15S Pro bilen tanyşdyrdy
Çeşme: Xiaomi

Şu gün Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagman ýekeçipli ulgamyny — Xring O1-i resmi taýdan hödürledi we şol bir wagtyň özünde bu çipiň esasynda gurlan ilkinji smartfon — Xiaomi 15S Pro bilen tanyşdyrdy.

1

TSMC tarapyndan 3-nanometrli tehnologiki proses boýunça öndürilen Xring O1 çipseti ýokary öndürijiligi bilen Qualcomm Snapdragon 8 Elite we MediaTek Dimensity 9400 ýaly bazaryň öňdebaryjy modelleri bilen bäsleşip bilýär. Ol 10 ýadroly dörtklasterli merkezi prosessory we 16 ýadroly Immortalis-G925 grafik tizlendirijisini öz içine alýar.

Xiaomi 15S Pro smartfony öňdebaryjy OLED ekrana eýe bolup, onuň diagonaly 6,73 dýuým, çözgüdi 3200 x 1440 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Hz-den uýgunlaşýan görnüşde bolup durýar. Gözüň rahatlygy üçin 1920 Hz ýokary ýygylykly PWM sazlamasy girizilen. Ekran berkleşdirilen Xiaomi Dragon Crystal Glass 2.0 aýnasy bilen goralan, aşagynda bolsa ultrases barmak yzyny tanamak skaneri ýerleşýär. Kamera mümkinçiliklerine degişlilikde, smartfon üç sany 50 megapikselli sensorly Leica kamerasy bilen enjamlaşdyrylandyr.

2

Enjamyň awtonomlygyny 6100 mAý batareýa üpjün edýär, ol 90 W tizlikdäki simli we 50 W simsiz çalt zarýad bermegi goldaýar. Xiaomi 15S Pro-nyň beýleki möhüm aýratynlyklarynyň hatarynda IP68 derejesindäki suw we tozan goragy, UWB we Wi-Fi 7 tehnologiýalarynyň goldawy, IR şöhlelendirijisi, USB 3.2 Gen 1 porty, stereo gürleýjiler, dört mikrofon we güýçli wibrasiýa motory bellärliklidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026