HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýär

Maý 23, 2025 | 15:15 |4763
Almatyda Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahaty üstünlikli tamamlandy. Foruma Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Gyrgyz Respublikasynyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdyAlmatyda Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahaty üstünlikli tamamlandy. Foruma Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Gyrgyz Respublikasynyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy
Çeşme: tamognia.tj

Almatyda Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahaty üstünlikli tamamlandy. Foruma Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Gyrgyz Respublikasynyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Gatnaşyjylar köpugurly gümrük hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, aýratyn hem gümrük ulgamlarynda sanlylaşdyrma we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşdylar. Her ýurt prosesleriñ awtomatizasiýasy boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdy. Geçelgeleriň işiniň kämilleşdirilmegine, serhet gözegçiliginiň utgaşdyrylmagyna we geçirijilik ukybynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem işgär taýýarlygyna we tejribe alyşmagyna uly üns berildi.

Maslahatyň möhüm netijeleriniň biri hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ikinji sammitde serediljek resminamalaryň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we üç esasy ylalaşyga gol çekilmegi boldy:

  1. «Merkezi Aziýa – Hytaý» gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň beýany;
  2. Göze görünmeýän barlag we şekilleri intellektual tanamak ulgamynda tehniki hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  3. Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Bu resminamalar taraplaryň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek baradaky ylalaşyklaryny berkidýär.

22.05 (2).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026