

Türkmenistanda şu hepde az-kem bulutly ýyly we güneşli howanyň bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Döwlet gidrometeorologiýa gullugynyň habar bermegine görä, şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda az-kem bulutly howa saklanyp, biraz ýagşyň ýagmagy mümkin. Orta güýçli we sergin şemal bolup, bu hem açyk howada gezelenç we dynç almak üçin amatly şertler döreder.



















