HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Araş türkmenistanlylara Täze ýylyň öňüsyrasynda ajaýyp şowhuny sowgat etdi

Dekabr 27, 2025 | 23:55 |13432
Şu gün Aşgabatdaky Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynda hakykatdan hem gyzgalaňly boldy. Häzirki zaman estrada sungatynyň muşdaklary bilen dolan tribunalarda dünýä belli ýyldyz — eýranly aýdymçy we prodýuser Araş Labaf uly şatlyk bilen garşylandyŞu gün Aşgabatdaky Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynda hakykatdan hem gyzgalaňly boldy. Häzirki zaman estrada sungatynyň muşdaklary bilen dolan tribunalarda dünýä belli ýyldyz — eýranly aýdymçy we prodýuser Araş Labaf uly şatlyk bilen garşylandy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 27-nji dekabr | ORIENT. Şu gün Aşgabatdaky Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynda hakykatdan hem gyzgalaňly boldy. Häzirki zaman estrada sungatynyň muşdaklary bilen dolan tribunalarda dünýä belli ýyldyz — eýranly aýdymçy we prodýuser Araş Labaf uly şatlyk bilen garşylandy.

концерт популярного иранского певца Араша Лабафа

Şeýle derejeli sungat işgärleriniň Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistana gelmegi eýýäm hoşniýetli däbe öwrüldi. Bu aýdym-saz marafonlary diňe bir ilatyň ruhubelentligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Aşgabady halkara medeni dialogyň merkezine öwürýär. Araşyň konserti häzirki zaman ritmleri bilen myhmansöýerlik ruhuny bir sahnada birleşdirip, dabaraly çäreleriň tapgyrynda ajaýyp we ýatda galyjy pursat boldy.

концерт Араша Лабафа

KHBS wekilleri bilen bolan söhbetdeşliginde Araş türkmen paýtagtyna bolan ajaýyp duýgylaryny beýan etdi:

«Aşgabat öz gözelligi we binagärligi bilen haýran galdyrýar. Şeýle ajaýyp döwürde bu ýerde çykyş etmäge çakylygy we beren mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin».

Концерт Араша Лабафа в Ашхабаде

Artist tomaşaçylar tarapyndan mähirli garşy alnyşynyň türkmen halkynyň açyklygynyň we dostlugynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Şeýle döredijilik saparlary halklaryň arasynda dostlugy we medeni alyş-çalyşy berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

концерт иранского певца Араша Лабафа

Çykyşyny jemläp, Araş hemmeleri ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen gutlady hem-de gyşky dynç alyş günlerinde tomaşaçylary uzak wagtlap ýyladyp biljek ruhubelentlik we ýatdan çykmajak duýgylary galdyrdy.

Араш Лабаф

Şeýle hem okaň: Aşgabat Täze ýyl baýramynyň meşhur ýyldyzlaryny garşy alýar

ORIENT-iň mobil programmasynyň täzelenen görnüşi iOS we Android platformalarynda elýeterlidir

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026